Bu desga halkara suw sport federasiýasynyň standartlaryna laýyk gelýän suw sport desgasydyr.
Bu desganyň içinde ýüzülýän howuz binasy 1741 adama niýetlenilip, ýapyk binada suwda ýüzmek, suwa bökmek, suwda pökgi oynamak, suwda ýerine ýetirilýän gimnastika görnüşleri bilen meşgullanmaga şertler döredilen.
Suw howzunyñ meydançanyñ daş töwereginde ýörite saz we yşyklandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan.

Bu binanyň içinde 50x25 metr ölçegindäki çuňlugy 3 metr bolan ýüzülýän uly suw howuzy, 15x25 metr ölçegindäki çuňlugy 5 metr bolan beýiklikden suwa bökülýän howuz, 12.70x25 metr ölçegindäki akwapark, 12.40x14.40 metr ölçegindäki çuňlugy 80 sm bolan çagalar üçin niýetlenen howzy, sport zaly, ýörite enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly, sauna, bug otagy, egin-eşik çalşyrylýan otaglar, lukmanlaryň otagy, türgenler üçin dynç alynýan otaglary, 200 orunlyk naharhana, kafe, woleýbol we basketbol meýdançalary ýerleşdirilen.
Bu toplumda suw sporty boýunça ýaryşlary, şol sanda halkara ýaryşlary geçirmek üçin hem mümkinçilikler döredilen.

Şeýle - de bu toplumda Türkmenistanyñ suwdaky sport gornusleri federasiýasynyñ hünärmenleri,eminleri üçin otaglar,tehniki otaglar we ammarlar hem göz öñüne tutulan.
Binanyň içindäki uly suw howuzy oýunlary suwuň aşagynda hem kamera düşürmek üçin gerekli şertler döredilendir.
