Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn bedenli ýaşlary kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. Şu günki gün ýurdumyzyň islendik künjegine göz aýlasaň, iri sport toplumlaryna, stadionlara, sport mekdeplerine gözüň düşýär. Şolaryň biri-de paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumydyr. Bu ýerde sportuň suwda ýüzmek, suwda pökgi oýnamak, dürli belentliklerden suwa bökmek we suwdaky attraksion ýerleşdirilendir. Toplumyň düzüminde 4 sany suw howzy bardyr. Olaryň biriniň uzynlygy 50 metrden, ini 25 metrden ybaratdyr. Onda uzak aralyga ýüzmek boýunça ýaryşlary guramak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Ikinji suw howzunyň uzynlygy 25 metr, ini 15 metrdir. Onda suwda oýnalýan pökgi we belentlikden suwa bökmek görnüşleri boýunça dürli bäsleşikleri geçirmäge mümkinçilikler bar. Uzynlygy 25 metr, ini 13 metr bolan üçünji howuzda çagalar attraksiony ýerleşýär. Dördünji howzuň uzynlygy 14 metr, ini 12 metrdir. Ol kiçi ýaşly çagalaryň suw sporty bilen meşgullanmagy üçin göz öňünde tutulandyr. Olimpiýa suw-sport toplumynyň köpugurlylygyny hem bellemelidir. Onda sportuň suwdaky görnüşleri bilen birlikde söweş sambosy, woleýbol we türgenleşik zallary hem bardyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşynda bu ýerde işleri dolandyrmagyň sanly ulgam usullary giňden ornaşdyrylandyr. Toplum tarapyndan raýatlara hödürlenilýän hyzmatlar we mümkinçilikler barada www.suw-toplum.gov.tm web-saýtynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Suwda ýüzmek sportuň iň gyzykly, özüne çekiji görnüşleriniň biri bolmak bilen bir wagtda ýürek-damar, dem alyş, nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmakda, süňkleri berkitmekde we bedeniň kesele garşy durujylygyny güýçlendirmekde uly ähmiýete eýedir. Bu sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlaryň ganynyň düzümi gowulanýar. Suwda ýüzmegiň 4 görnüşi bardyr. Olar: krol, bras, baterflaý we arkanlygyna ýüzmek görnüşleridir. Bu görnüşler boýunça Olimpiýa suw-sport toplumynda Türkmenistanyň welaýtarynyň we paýtagtymyzyň ýaş türgenleriniň arasynda saýlama ýaryşlar guralýar. Şol ýaryşlarda üstünlik gazanýan ýaşajyk türgenlerimiz geljekde özleri barada Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan edilýän atalyk aladalara jogap edip, milli sporty täze basgançaklara ösdürjek, ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä ýaýjak sport türgenleri ýetişerler diýip ynam bilen aýtmak bolar.