Onlaýn töleg üçin maglumatlary giriziň

Satyn alynan abonementin tölegi yzyna gaytarylyp berilmeýär!!!
После оплаты абонемента деньги обратно не возвращаются!!!

Wagt:
Jemi: TMT

Habar

💧
beýlekisi show

Men ýüzüp bilýärin

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bedenterbiýe hem-de sport ulgamyna aýratyn uly üns berýärler. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde hem-de paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe ajaýyp sport desgalarynyň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň we olimpiýa suw-sport toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegini görkezmek bolar. Şeýle döwrebap sport binalary dünýä ülňülerine doly laýyk gelip, bu ýerde diňe bir halkara ýaryşlary däl, eýsem Aziýa we dünýä çempionatlaryny geçirmek üçin hem ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen sagdyn durmuş ýörelgesi durmuşa ornaşdyrylyp, Watanymyz iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Bu halkara çäreler diňe bir ynsan saglygyny berkitmän, eýsem ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem uly ýardam berýär. Biziň Olimpiýa suw-sport toplumymyzda hem sportyň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport howuzlarynyň ýerleşdirilmegini aýtmak bolar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar esasynda, biziň Olimpiýa suw-sport toplumymyzyň www.suw-toplum.gov.tm resmi web saýty arkaly raýatlarymyz üçin onlaýn tölegler ýola goýuldy. Resmi web saýtymyzda diňe bir onlaýn töleg geçirmek bilen çäklenmän, eýsem toplumymyzda geçirilýän ýaryşlar we howuzlar barada giňişleýin maglumatlar hem giňden ýerleşdirilendir. Biziň sport howuzlarymyzda sagaldyş we başlangyç taýýarlyk toparlarynda türgenleşýän çagalar üçin niýetlenen, uzynlygy 25 m, ini 17 m, çuňlugy 2 m bolan howuzda raýatlarymyzyň gowy dynç almagy üçin ähli şertler döredilen. Mundan başga-da, uly ýaşly adamlar üçin niýetlenen, uzynlygy 50 m, çuňlugy 3 m bolan sport howuzlarynda hem okuw-türgenleşik sapaklary guralan. Şeýle hem toplumymyzda suwa bökmek we suwda pökgi oýnamak (woterpolo) görnüşleri üçin ýöriteleşdirilen howuzlar bar. Türgenleriň umumy beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin wolleýbol meýdançalary hem-de fitnes otagy ýerleşdirilendir. Sportyň suwda ýüzmek görnüşine çagalar esasan 6–7 ýaşdan kabul edilip, olara ýüzmegiň ähli usullary öwredilýär. Suwda ýüzmek uly ýaşly adamlaryň gan aýlanyş we dem alyş ulgamlaryna, oňurga sütünine hem-de beden myşsalarynyň berkemegine örän uly peýda getirýär. Suwuň adam bedenine edýän oňyn täsiri onuň himiki, fiziki we biologiki häsiýetlerine baglydyr. Ýüzüş göwräniň dik ýagdaýynyň bozulmagynyň öňüni almaga we oňurga şikeslenmelerini aradan aýyrmaga kömek edýär. Ol döş kapasasynyň ösüşine, dem alyş, gan aýlanyş hem-de ýürek-damar ulgamynyň gowulanmagyna, bedeniň güýçlenmegine hem-de myşsalaryň işjeňleşmegine täsir edýär. Şol sebäpli ýüzmek lukmanlar tarapyndan ähli ýaşdaky adamlara çäklendirmesiz maslahat berilýär. Biz ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan tämiz şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň jan saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak ugrunda edilýän aýdyň tagallalardyr. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanýanlaryň sany gün-sayyn artýar. Ýaňy-ýakynda toplumymyza gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda olaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Men ýüzüp bilýärin» atly özara ýaryş geçirildi. Ýaryşda göz öňünde tutulan netijeleri görkezip, ýeňiş gazanan türgenlerimiz: • Jemal Batyrowa (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Arzuw Ahmedowa (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Agajan Seýidow (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Ýusup Atamuhammedow (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Emine Orazmyradowa (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Muhammet Nepesow (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) • Muhammetresul Ýagşymyradow (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Seýit Gowşudow (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) • Jeýhun Kakanow (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Melek Begenjowa (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Gadam Annadurdyýew (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) • Medine Hojawowa (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) • Habib Nepesow (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary gowşuryldy. Toplumymyzda zähmet çekýän hem-de geçirilen özara ýaryşa ussat türgenleri taýýarlan tälimçiler hem Hormat hatlary bilen sylaglandy. Şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi suw-sport toplumyna gatnaýan ýaşlaryň halkara ýaryşlara taýýarlanmagyna giň şert döredip, olary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Biz ýaşlara kaşaň binalarda zähmet çekmäge, türgenleşik işlerini geçirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem belentliklere beslensin! Mergen Agabaýew Mähri Nurmuhammedowa Maglumat tehnologiýalary (IT) boýunça baş hünärmen Bedenterbiýe-sagaldyş iş boýunça işgärleriniň instruktor derejesizi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bedenterbiýe hem-de sport ulgamyna aýratyn uly üns berýärler. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde hem-de paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe ajaýyp sport desgalarynyň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň we olimpiýa suw-sport toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegini görkezmek bolar. Şeýle döwrebap sport binalary dünýä ülňülerine doly laýyk gelip, bu ýerde diňe bir halkara ýaryşlary däl, eýsem Aziýa we dünýä çempionatlaryny geçirmek üçin hem ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen sagdyn durmuş ýörelgesi durmuşa ornaşdyrylyp, Watanymyz iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Bu halkara çäreler diňe bir ynsan saglygyny berkitmän, eýsem ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem uly ýardam berýär. Biziň Olimpiýa suw-sport toplumymyzda hem sportyň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport howuzlarynyň ýerleşdirilmegini aýtmak bolar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar esasynda, biziň Olimpiýa suw-sport toplumymyzyň www.suw-toplum.gov.tm resmi web saýty arkaly raýatlarymyz üçin onlaýn tölegler ýola goýuldy. Resmi web saýtymyzda diňe bir onlaýn töleg geçirmek bilen çäklenmän, eýsem toplumymyzda geçirilýän ýaryşlar we howuzlar barada giňişleýin maglumatlar hem giňden ýerleşdirilendir. Biziň sport howuzlarymyzda sagaldyş we başlangyç taýýarlyk toparlarynda türgenleşýän çagalar üçin niýetlenen, uzynlygy 25 m, ini 17 m, çuňlugy 2 m bolan howuzda raýatlarymyzyň gowy dynç almagy üçin ähli şertler döredilen. Mundan başga-da, uly ýaşly adamlar üçin niýetlenen, uzynlygy 50 m, çuňlugy 3 m bolan sport howuzlarynda hem okuw-türgenleşik sapaklary guralan. Şeýle hem toplumymyzda suwa bökmek we suwda pökgi oýnamak (woterpolo) görnüşleri üçin ýöriteleşdirilen howuzlar bar. Türgenleriň umumy beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin wolleýbol meýdançalary hem-de fitnes otagy ýerleşdirilendir. Sportyň suwda ýüzmek görnüşine çagalar esasan 6–7 ýaşdan kabul edilip, olara ýüzmegiň ähli usullary öwredilýär. Suwda ýüzmek uly ýaşly adamlaryň gan aýlanyş we dem alyş ulgamlaryna, oňurga sütünine hem-de beden myşsalarynyň berkemegine örän uly peýda getirýär. Suwuň adam bedenine edýän oňyn täsiri onuň himiki, fiziki we biologiki häsiýetlerine baglydyr. Ýüzüş göwräniň dik ýagdaýynyň bozulmagynyň öňüni almaga we oňurga şikeslenmelerini aradan aýyrmaga kömek edýär. Ol döş kapasasynyň ösüşine, dem alyş, gan aýlanyş hem-de ýürek-damar ulgamynyň gowulanmagyna, bedeniň güýçlenmegine hem-de myşsalaryň işjeňleşmegine täsir edýär. Şol sebäpli ýüzmek lukmanlar tarapyndan ähli ýaşdaky adamlara çäklendirmesiz maslahat berilýär. Biz ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan tämiz şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň jan saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak ugrunda edilýän aýdyň tagallalardyr. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanýanlaryň sany gün-sayyn artýar. Ýaňy-ýakynda toplumymyza gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda olaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Men ýüzüp bilýärin» atly özara ýaryş geçirildi. Ýaryşda göz öňünde tutulan netijeleri görkezip, ýeňiş gazanan türgenlerimiz: • Jemal Batyrowa (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Arzuw Ahmedowa (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Agajan Seýidow (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Ýusup Atamuhammedow (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Emine Orazmyradowa (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Muhammet Nepesow (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) • Muhammetresul Ýagşymyradow (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Seýit Gowşudow (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) • Jeýhun Kakanow (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Melek Begenjowa (Tälimçisi: Mähri Nurmuhammedowa) • Gadam Annadurdyýew (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) • Medine Hojawowa (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) • Habib Nepesow (Tälimçisi: Muhammetmyrat Annadurdyýew) Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary gowşuryldy. Toplumymyzda zähmet çekýän hem-de geçirilen özara ýaryşa ussat türgenleri taýýarlan tälimçiler hem Hormat hatlary bilen sylaglandy. Şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi suw-sport toplumyna gatnaýan ýaşlaryň halkara ýaryşlara taýýarlanmagyna giň şert döredip, olary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Biz ýaşlara kaşaň binalarda zähmet çekmäge, türgenleşik işlerini geçirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem belentliklere beslensin! Mergen Agabaýew Maglumat tehnologiýalary (IT) boýunça baş hünärmen