Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy babatda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Berk bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegi üçin köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Paýtagtymyzdaky Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa suw-sport toplumynda dürli ýaşdaky türgenler ykjam türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Bu ýerde ýaşlar milli ýaryşlar bilen birlikde, halkara ýaryşlara hem taýýarlanýarlar. Toplumda türgenleriň bedenlerini berkitmegi üçin goşmaça howuzlar hem göz öňüne tutulandyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän howuzlarda türgenleriň arasyndaky ýaryşlar yzygiderli geçirilip durulýar. Bu gün hem meşhur şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýaş türgenleriň arasynda suwda ýüzmegiň erkin usuly, brass, baterflýaý, arkanlaýyn ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ýaryşy geçirildi. Ýaryşda Arzuw Ahmedowa (Tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa), Kirill Sewumýan (Tälimçisi Muhammet Annadurdyýew), Aýnur Geldiýewa (Tälimçi Batyr Agabaýew), Gurbanow Muhammetaly (Tälimçi Merişew Arslan), Akynow Selim (Tälimçi Saparowa Maral) we başgalar ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Toplumyzda zähmet çekýän tälimçiler hem ýokary derejeli ýaş türgenleri taýýarlamakda ýadawsyz işleri alyp barýanlygy üçin Hormat hatlary bilen sylaglandy. Şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilip durulmagy, suw-sport toplumyna gatnaýan ýaşlaryň halkara ýaryşlara taýýarlanmagyna şert döredip, olary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Biz ýaşlara sport ulgamynda zähmet çekmäge, türgenleşik işlerini geçmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mundan beýläk-de tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Mähri Nurmuhammedowa, Bedenterbiýe-sagaldyş iş boýunça işgärleriniň instruktor derejesizi;