Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesiliň sagdyn bolmagy bedenterbiýe we sport bilen meşgullenmagy,sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi döwrüň talaby bolup durýar.Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli şertler döredilýär.Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk,belent ynsanperwerlik we asylly milli ruhy ahlak esasynda terbiýelemek,beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.Sport mekdebimiziň türgenleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesine eýerip,sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler.Biz hem Bedenterbiýe we Sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynda yzygider türgenleşik geçýän türgenler bilen saglyk ýagdaýlaryna ýaramaz täsir edýän ýagdaýlaryň öňüni almak üçin tälimçiler bilen bilelikde wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Türgenleriň şahsy arassaçylygynyň talaplaryny berjaý etmeklerini, kadaly iýmitlenmegi baradaky meseleler ara-alyp maslahatlaşýarys.Bular barada alym Arkadagymyz,Halk maslahatyň başlygy,milli liderimiz Hormatly Gurbanguly Berdimuhammedowyň Türkmenistanyň “Dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopediýa kitaplarynda hem giňden beýan edilendir.Bu kitapda ýurdumyzyň çäginde ösýän ähli jana-şypaly ösümlikler barada bellenip geçilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde türkmen sportyny ösdürmekde,ony ýokary derejelere çykarmakda uly işler alnyp barylýar.Şonuň bilen bir hatarda biziň Olimpiýa suw-sport toplumymyzyň türgenleri hem yzygider türgenleşip,dünýä derejesindäki geçirilýän ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de saglyk aýy mynasybetli biz Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumymyzda türgenleşik geçýän ýaş türgenleriň arasynda hem sagdyn bedenli ýaşlary kemala getirmek we olaryň sporta bolan höwesini hasda ýokarlandyrmak maksady bilen “Sagdyn beden-sagdyn ruh”atly özara ýaryşyny geçirdik.Bu ýaryşda biziň ýaşajyk türgenlerimiz suwda ýüzmegiň kroll we arkanlygyna ýüzmek görnüşleri boýunça gysga we uzak aralyga ýüzmekde ýaryşdylar.Bu ýaryşda ýeňiji bolan türgenleri hormat hatlary bilen sylaglandy.Geljekde hem biziň ýaş türgenlerimiz türkmen sportuny ösdürerler we ony dünýä derejesine çykarlar diýip ynam bilen aýtmak bolar.