Onlaýn töleg üçin maglumatlary giriziň

Satyn alynan abonementin tölegi yzyna gaytarylyp berilmeýär!!!
После оплаты абонемента деньги обратно не возвращаются!!!

Wagt:
Jemi: TMT
habar
beýlekisi show

«Sagdyn bedenli ýaşlar - ýurdumyzyň aýdyň geljegidir»

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda edilýän asylly aladalaryň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldelerine eýerip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Sport bilen meşgullanmak, diňe bir beden taýdan taplanmak bolman, eýsem ruhy kämillige hem eýe bolmakdyr. Häzirki wagtda «Sagdyn bedende ― sagdyn ruh» ýörelgesini öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän asylly işleriniň netijesinde ýurdumyzda sagdyn jemgyýet kemala gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw sport toplumy ösüp gelýän ýaşlaryň uly höwes bilen gatnaýan ýeridir. Bu ýerde ýaşlar sportuň erkin ýüzmek, brass ýüzmek, baterflýaý, arkanlygyna ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça türgenleşip, paýtagtymyz we döwlet derejelerinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyşlary, ýokary netijeleri bilen buýsandyrýarlar. Toplumymyza gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda ýörite tassyklanylan maksatnamalar we meýilnamalar esasynda yzygiderli amaly sapaklar hem-de türgenleşikler guralyp durulýar we bu sapaklaryň, türgenleşikleriň netijesini ýüze çykarmak maksady bilen ýaryşlar geçirilýär. Muňa ýakynda Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw sport toplumyna gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda «Sagdyn bedenli ýaşlar ýurdumyzyň aýdyň geljegidir» diýen at bilen geçirilen ýaryş hem aýdyň mysaldyr. Bu ýaryşda dürli ýaşdaky türgenler suwda ýüzmegiň görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olardan 50 metr aralyga suwda erkin ýüzmek boýunça Bezirgen Annaýewiň tälim berýän ýaş türgeni Bezirgen Rejepow 1-nji orna, Mähri Nurmuhammedowanyň tälim berýän ýaş türgeni Arzuw Ahmedowa 2-nji orna, Muhammetmyrat Annadurdyýewyň tälim berýän ýaş türgeni Dawut Nurmammedow 3-nji orna eýe boldular. Suwda ýüzmegiň brass görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Arslan Merişewiň tälim berýän ýaş türgeni Rüstem Merişew 1-nji orna, Mähri Nurmuhammedowanyň tälim berýän ýaş türgeni Hezret Tejenow 2-nji orna, Batyr Agabaýewiň tälim berýän ýaş türgeni Nurgeldi Ataýew 3-nji orna eýe boldular. Baterflýaý görnüşi boýunça 50 metr aralyga ýüzmekde Muhammetmyrat Annadurdyýewiň tälim berýän ýaş türgeni Keril Sewunýan 1-nji orna, Mähri Nurmuhammedowanyň tälim berýän ýaş türgeni Şazada Atageldiýew 2-nji orna, Mähri Nurmuhammedowanyň tälim berýän ýaş türgeni Ahmet Tuwakgylyjow 3-nji orna eýe boldular. Uzak aralyga arkanlygyna ýüzmek görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Mähri Nurmuhammedowanyň tälim berýän ýaş türgeni Rahym Ahmedow 1-nji orna, Muhammetmyrat Annadurdyýewiň tälim berýän ýaş türgeni Hanaly Soýunow hem-de Mähri Nurmuhammedowanyň tälim berýän ýaş türgeni Begenç Atageldiýew 2-nji orna, Mähri Nurmuhammedowanyň tälim berýän ýaş türgeni Guwanç Begniýazow 3-nji orna eýe boldular. Ýeňiji bolan ýaş türgenlere Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Şeýle ýaryşlaryň geçirilmegi suw sport toplumyna gatnaýan ýaş türgenleriň öňde duran iri ýaryşlara taýýarlyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermek bilen, ýokary sportda ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak ussat türgenler bolup ýetişmäge höweslerini artdyrýar. Biz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine, köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli işlerinde üstünlik arzuw edip, ýaş nesiller babatda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de tijendireris. Mergen AGABAÝEW, Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw sport toplumynyň maglumat tehnologiýalary (IT) boýunça baş hünärmeni.